Soňky habarlar

Arhiw

TMDDI-de italýan dili öwredilip başlandy

11:2723.09.2020
0
1606

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň roman-german dilleri fakultetinde öňden bäri nemes, fransuz, ispan dili okadylýan bolsa, şu okuw ýylyndan italýan dili hem okadylyp başlandy. Mugallymlar we talyplar daşary ýurtlarda bolup, bu ugurdan kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdylar.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, täze okuw ýylyndan institutda italýan dili hünäri boýunça on talyp okuwa kabul edildi. Bu dersi okatmagyň maksady italýan dilinde gürläp bilýän, onuň ýazuw görnüşlerine gowy düşünýän, gepleýiş dilini oňat bilýän hünärmenleri, dilçi-terjimeçileri taýýarlamakdan ybarat. Munuň üçin, ilki bilen, sesleriň aýdylyş düzgünlerini, aýratynlyklaryny, gepleýiş diliniň äheňini öwrenmeli.

Italýan dili barada aýtsam, bu dil Italiýada, Watikanda, San-Marinoda, Şweýsariýada döwlet dili hasaplanylýar. Italýan dili ABŞ-da, GFR-de, Argentinada, Fransiýada, Belgiýada, Liwiýada, Maltada giňden ýaýran. Bu dilde Italiýada 55 million, dünýä boýunça 70 million töweregi adam gepleýär. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň köpüsinde diýen ýaly italýan dili okadylýar.

Türkmenistanda ozal Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde italýan dili öwredilýärdi. Şu ýyl bu dil Aşgabatdaky orta mekdepleriň biriniň maksatnamasyna hem girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň