Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze nebit akymy tapyldy

10:5723.09.2020
0
1565

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Demirgazyk Goturdepe nebit-gazly käninde şu ýylyň awgust aýynda 317-nji ulanyş maksatly guýynyň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

«Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň ussa Myrat Garaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän topary täze guýynyň gazuw işlerini ýokary hilli ýerine ýetirdi.

Taslama çuňlugy 5 müň metre deň bolan bu guýuda buraw 4 müň 965 metre ýetende, «gara altynyň» bol akymy alyndy. Tehniki-sazlaýyş işleri üstünlikli tamamlanan guýynyň her gije-gündizde berýän nebitiniň 100 tonnadan hem geçýändigi bolsa buýsançlydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň