Soňky habarlar

Arhiw

Kitaphanalaryň arasyndaky bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

10:5323.09.2020
0
931

Türkmenistanyň kitaphanalarynyň arasynda yglan edilen «Arkadagyň paýhasyndan hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklaryň dabaralanmagy» atly hünär bäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyrynyň jemi jemlendi — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna welaýat kitaphanasy, etrap-şäher merkezi kitaphanalary gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşan kitaphanalar tarapyndan şanly ýylymyzyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň, kitaphanalaryň resminamalarynyň talabalaýyklygy, resminamalaryň saklanyşynyň, kitaphanalarda gurnalan sergileriň, katalog-kartotekalaryň at ýazgylarynyň, görkezijileriniň, kitaphananyň ähli bölümleriniň bezelişiniň wideoýazgysy hem-de fotosurat hödürlendi. Onda döwlet Baştutanynyň galamyna degişli kitaplar hakynda gürrüň berilýär. Netijede, welaýat kitaphanasy hem-de Tejen etrap merkezi kitaphanasy ýeňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň