Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen ÝB özara hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň döredilmegini teklip edýär

23:4322.09.2020
0
4732

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen duşuşygy geçirildi — diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň özara hereketleriniň giň toplumy babatynda pikir alyşdylar. Hususan-da, taraplaryň soňky aýlarda dürli meýdançalarda geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maý aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler gullugynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşygy guraldy, şeýle-de iýun aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel bilen onlaýn görnüşindäki gepleşikleri giçirildi.

Mundan başga-da, şu ýylyň iýunynda «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» adam hukuklary boýunça Dialogyň çäklerindäki nobatdaky mejlisi, şonuň ýaly-da «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 19-njy mejlisi geçirildi. Bu duşuşyklar öz nobatynda taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlyk etmek boýunça çemeleşmeleriniň nobatdaky tassyknamasy bolup, olaryň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen özarabähbitli gatnaşyklarynyň syýasy ugrunyň has hem pugtalandyrylmagy boýunça ähmiýetli sepgitler gazanyldy.     

Nobatdaky duşuşyga gatnaşyjylaryň jaýdar nygtaýşy ýaly, geljegi uly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegi we berkidilmegi üçin ygtybarly esaslar bardyr. Bu mazmunda şu ýylyň ahyryna çenli energetika, ulag, söwda we bilim ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň Ýol kartasynyň döredilmegi teklip edildi, çünki bu ulgamlarda taraplaryň özara durmuşa ornaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri bardyr.

Pandemiýadan soňky döwürde durmuş-ykdysady görkezijileriň dikeldilmegi boýunça bilelikdäki işleriň esasy ugurlarynyň jikme-jik takyklaşdyrylan Türkmenistanyň Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Milli Meýilnamasynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegi boýunça hereketleriň işjeňleşdirilmegi hem ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn mowzugy boldy. 

Energetika, ulag, söwda we bilim ulgamlaryndaky köpugurly gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet bermek bilen, taraplar bu pudaklar boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ösdürmegiň zerurlygyny nygtadylar hem-de şu ýylyň güýzünde geljegi uly taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy, şonuň ýaly-da olaryň iş ýüzünde geljekki durmuşa geçirilişi dogrusynda pikirleri alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Komissiýasynyň degişli edaralarynyň wekilleriniň duşuşygynyň geçirilmeginiň zerurlygyny aýratyn bellediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň