Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol çempionaty dowam etdiriler

17:1422.09.2020
0
9991

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda 2020-nji ýyldaky milli çempionatyň üçünji we dördünji aýlawlarynyň senenamasyny paýlaşdy. Dört aýlawdan ybarat bolan milli çempionatymyzda sekiz toparyň ýaryşýandygyny ýatladýarys.

Çempionatyň üçünji aýlawyna 2-nji oktýabrda 15-nji tapgyryň çäginde geçiriljek iki duşuşyk («Köpetdag» — «Energetik» we «Şagadam» — «Aşgabat» duşuşyklary) bilen badalga berler we aýlaw 28-nji oktýabra çenli dowam eder. Dördünji aýlaw 31-nji oktýabrda başlanyp, 25-nji noýabrda möwsümiň jemleýji tapgyrynyň — 28-nji tapgyryň duşuşyklary bilen tamamlanar.

Çempionatyň 6-njy mart — 17-nji iýun aralygynda geçirilen birinji ýarymynda birinji orundaky «Altyn asyr» 33 utuk toplady. Ikinji orundaky «Ahal» ondan 2 utuk yzda barýar. Üçünji orundaky «Şagadamda» bolsa 22 utuk bar. Birinji ýarymdaky 54 duşuşykda derwezelere 142 pökgi (her duşuşykda, ortaça, 2,63 pökgi) geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň