Morata hem Italiýa dolandy

16:5622.09.2020
0
525
Morata hem Italiýa dolandy

Arturo Widaldan soň, başga bir futbolçy hem Ispaniýadan Italiýa dolandy. Has takygy, “Atletiko Madridiň” ispaniýaly hüjümçisi Alwaro Morata ozalky topary “Ýuwentusyň” düzümine goşular. 27 ýaşly hüjümçi turinlileriň düzüminde 1 ýyl kärendesine çykyş eder. “Ýuwentus” 1 ýyly üçin ispanlara 9 million ýewro tölär. Morata 2014-2016-njy ýyllarda-da “Ýuwentusyň” düzüminde 93 oýunda meýdança çykyp, 27 gol geçiripdi. “Real Madridde” futbola başlan Morata 2017-nji ýylda “Çelsi” toparyna transfer bolupdy. 2019-njy ýylyň gyşynda “Atletiko Madride” transfer bolan Morata şu wagta çenli karýerasy boýunça klublarda 278 duşuşykda 84 gol geçirdi. “Ýuwentus” Moratany 2014-nji ýylda 18 million funt sterlinge transfer edipdi. 2 ýyldan soň, 27 million funta “Reala” satdy. 2017-nji “Çelsi” Moratany 59 million funta alypdy. Şu tomusda bolsa, “Atletiko Madrid” Moratany 58 million funt berip ymykly düzümine geçiripdi. Eger-de “Ýuwentus” Moratany möwsümiň ahyrynda 45 million ýewro baha transfer edip biler.  

“Ýuwentus” topary urugwaýly Luiz Suaresi, ýa-da Edin Jekony transfer etmekçi bolýardy. Topar olaryň ikisinden hem ýüz öwrüp, Moratony düzümine goşdy. Şeýle-de “Atletiko Madrid” Moratanyň öwezini “Barselonadan” Luiz Suares ýa-da onuň watandaşly Edinson Kawani bilen doldurmakçy bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň