Soňky habarlar

Arhiw

Eplenýän ekranly “FlexPai 2” tanyşdyryldy

13:3222.09.2020
0
808

Dünýäniň ilkinji eplenýän ekranyny tanyşdyran “Royole” kompaniýasy şeýle telefonlaryň täze modelini tanyşdyrdy. “FlexPai 2” atly enjam ozalky modelden has kämilleşdirilipdir. Hytaý brendi bolan “Royole” 2018-nji ýylyň ahyrynda ilkinji eplenýän ekranly enjamy tanyşdyrypdy. “FlexPai 2” atly täze enjamyň açyk ekranynyň ululygy 7,8 dýuýma barabar bolup, eplenende 5,5 dýuýmluk hem-de 5,4 dýuýmlyk iki ekranly bolýar. Telefon eplenen wagty onuň galyňlygy 40 göterim ýukalýar. “Qualcomm Snapdragon 865” çipseti oturdylan smartfonda 12 GB RAM, 512 GB hemişelik ýat ýaly tehniki aýratynlyklar göz öňünde tutulypdyr. “Android 10’ amaly ulgamynda işleýän telefon 4450 mA/sagat kuwwatly batareýa bilen üpjün edilipdir. Telefonyň çep tarapyna ýerleşdirilen kameralary yzky hem-de selfi kamerasy hökmünde ulanyp bolýar. Bu kameralar 64 MP esasy, 16 MP ultra giň, , 8 MP telefoto sensorlary hem-de 32 MP durulygynda surata alýan adaty sensor bilen üpjün edilipdir. 32 MP durulygynda kamerany selfi hökmünde ulanyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň