“Logitech” täze “syçanjyklaryny tanyşdyrdy

13:1022.09.2020
0
579

“Logitech” kompaniýasy harytlaryny sanawyna täze “syçanjygy” goşdy. Üç reňkli görnüşi bolan “Logitech MX Anywhere 3” atly enjamlary islendik tekizligiň üstünde ulanyp bolýar. Şol sebäpli bu “syçanjyk”, esasan, ýankompýuter ulanýanlara niýetlenipdir. Enjamyň iki gyrasyna ýerleşdirilen düwmeler ulanyjyar üçin has uly ýeňillik döredýär. “Syçanjygy” “Bluetooth” arkaly birwagtda üç enjama birikdirip bolýar. Zarýad bermek üçin USB-den peýdalanmaga mümkinçilik döredilen enjamyň zarýady ortaça 70 güne ýetýär. 79 dollardan satylýan enjamy “Windows” hem-de “Mac” kompýuterlerinde ulanyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň