Soňky habarlar

Arhiw

Täze “Audi” gaz bilen işlär

12:3822.09.2020
0
647

Berk we ygtybarly ulaglary öndürmegi bilen tanalýan “Audi” kompaniýasy “A3 Sportback G-Tron” modelini tanyşdyrdy. Ykjam premium klasyna degişli bolan A3 modeliň täze görnüşleri köpelýär. Täze tanyşdyrylan model benzin hem-de gysylan gaz bilen işleýär. Howany adaty ýangyç ýaly hapalamaýanlygy we ulanyjylar üçin tygşytly hasap edilýän bu infrastruktura “Polo” we “Scala” ýaly modellerde hem ornaşdyrylypdy. “A3 Sportback G-Tron” şu ýylyň ahyrynda, ilkinji nobatda, Germaniýada, soňra bolsa, beýleki Ýewropa ýurtlarynda satuwa çykarylar. Gibrid ulagyň 1,5 litrlik benzin bilen işleýän motory bar. Bu hereketlendirijiniň kuwwaty 131 at güýjüne barabar. Diňe öň tarapdaky tigirleri aýlanýan ulag 100 km/sagat tizlige 9,7 sekuntda ýetýär. Iň ýokary tizligi 211 km/sagada barabar bolan awtoulagda iki sany gysylan gaz doldurylýan bagy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň