Soňky habarlar

Arhiw

Halaçdaky keramika zawodynda işe goýberiş-sazlaýyş işleri dowam edýär

10:5522.09.2020
0
1125

Ýurdumyzyň hususy ulgamynda gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň sany barha artýar. Ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Kiçi we orta senagat kärhanalarynda «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça işler ýokary depginde dowam edýär. Bu ugurda Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky keramika bezeg önümlerini öndürýän zawodda alyp barylýan işler hem guwandyryjydyr. Şular dogrusynda «Döwletli Döwran» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Gadam HOŞWAGTOW bilen söhbetdeşligi okyjylara ýetirýäris.

— Ýurdumyzyň gündogar welaýaty senagat taýdan ösen sebitleriň biri hökmünde tanalýar. Ilki bilen, bu ýerde täze önümçiligi ýola goýup, gazanýan üstünlikleriňiz bilen gutlaýarys!

— Sag bo­luň! Bi­ziň her bir üs­tün­li­gi­mi­ziň ba­şyn­da du­ran Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler birleş­me­si­niň yg­ty­ýa­ry­na se­na­gat zo­la­gy üçin ýer bö­lek­le­ri­niň, şeý­le-de karz se­riş­de­le­ri­niň be­rilme­gi, dür­li ha­ryt­la­ry ön­dür­ýän ýo­ka­ry teh­nolo­gi­ýa­ly kär­ha­na­la­ry gur­ma­ga amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi öz mi­we­si­ni ber­ýär. Döw­rüň ta­la­by­ny na­za­ra al­mak bi­len, ýurdu­my­zyň se­na­gat pu­da­gy­nyň öňün­de mö­hüm we­zi­pe — ýer­li gur­lu­şyk ba­za­ry­ny ýo­ka­ry hil­li se­na­gat ha­ryt­la­ry­nyň ze­rur bo­lan möç­be­ri bi­len üp­jün et­mek we­zi­pe­si go­ýul­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň esa­sy gör­nüş­le­ri­niň öndü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak hem-de çy­ka­ryl­ýan önü­miň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mek ba­ra­da be­ren gör­kez­me­le­rin­den ugur alyp iş­le­ýä­ris. Ýa­ňy dog­ry bel­le­di­ňiz, ýur­du­my­zyň gün­do­gar we­la­ýa­tyn­da gur­lu­şyk se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­ýan önüm­çi­lik düzüm­le­ri­niň en­çe­me­si iş­le­ýär. Im­port ha­ryt­la­ry­nyň or­nuny tut­ýan we eks­por­ta ug­rat­ma­ga gö­nükdi­ri­len önüm­le­ri ön­dür­ýän ki­çi we or­ta kärha­na­la­ryň açylmagy bi­len, ýüz­ler­çe iş orun­la­ry dö­redil­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da ke­ra­mi­ka be­zeg önüm­le­ri­ni, ke­ra­mi­ka ör­tük­leri­ni ýel­meý­ji gu­ry er­gi­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­lar hem bar. Çärjew et­ra­byn­da­ky «Mi­ze­mez ga­dam», Dänew et­ra­byn­da­ky «Aras­sa Ke­nar» hu­su­sy kär­ha­na­la­ry bi­len bir­likde, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Ha­laç et­ra­byn­da­ky ke­ra­mi­ka be­zeg önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän za­wo­dy­my­zyň önüm­le­ri­ne-de uly is­leg bil­di­ril­ýär. Ol Türk­me­na­bat — Ker­ki de­mir ýo­lu­nyň gola­ýyn­da ýer­leş­ýär. Döw­re­bap aw­to­mat­laş­dyry­lan kär­ha­na­myz­da di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, tu­tuş Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de uly is­leg­li ke­ra­mi­ka önüm­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li önüm­çi­li­gi alyp ba­ryl­ýar.

— Kärhananyň kuwwatlylygy nähili?

— Ol ýyl­da,tak­my­nan, 192müň ton­na önüm ön­dür­mä­ge ukyp­ly­dyr. Bu top­lum «Döw­let­li Döw­ran» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň bu­ýur­ma­sy boýun­ça «Eziz do­gan­lar» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti ta­rapyn­dan gu­rul­dy. Tä­ze za­wo­dyň önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýan ýer­li çig ma­lyň hi­mi­ki dü­zü­mi Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň bar­lag­ha­na­la­ry­nyň bir­nä­çe­sin­de sy­nag­dan ge­çi­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da da­şa­ry ýurt­ly hü­när­men­le­riň gat­naş­ma­gyn­da za­wo­dyň işe goý­be­riş-saz­la­ýyş iş­le­ri do­wam ed­ýär.

— Toplumyň desgalary we enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdyraýsaňyz!

— Kär­ha­na­nyň önüm­çi­lik meý­da­ny 1,5 gektar meý­dan­da ýer­leş­ýär, şeý­le-de top­lu­ma dolan­dy­ryş bi­na­sy, teh­ni­ki hyz­mat­lar üçin bi­na­lar gir­ýär. Önüm­çi­lik des­ga­sy Ýew­ro­pa döw­let­le­riniň we Ýa­po­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy ön­dü­ri­ji­le­ri­niň döw­re­bap en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. In­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ýo­ka­ry hil­li be­zeg ma­te­ri­al­la­ry­ny ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Za­wod­da ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li dö­wü­ji­ler we de­gir­men­ler, si­los­lar, kon­we­ýer­ler, ga­ry­jy­lar, gidraw­li­ki eks­kawa­tor­lar, ekst­ru­der­ler, gu­ra­dy­jy­lar, peç­ler, ro­bot-sta­ker­ler otur­dyl­dy. Teh­no­lo­gik zyn­jy­ryň äh­li bö­lek­le­rin­de,şolsan­da do­lan­dy­ryş we gö­zeg­çi­lik iş­le­ri prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Tä­ze kär­ha­na­nyň önüm­le­ri dür­li des­ga­la­ryň, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, dur­muş mak­satly bi­na­la­ryň gur­lu­şyk iş­le­rin­de iň­ňän ze­rur­dyr.

— Geljekde nähili maksatlaryňyz bar?

— «Döw­let­li Döw­ran» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­tin­de gel­jek­de önüm­le­riň möç­be­ri­ni has-da ýo­kar­landyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Kär­ha­na­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň do­ly iş güý­jü­ne gi­ri­zil­me­gi bi­len, ön­dü­ril­ýän ke­ra­mi­ka önüm­le­ri­niň gör­nüş­le­ri hem art­dy­ry­lar.

— Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça alyp barýan yhlasly işiňizde geljekde-de uly üstünlikleri arzuw edýäris!

— Sag bo­luň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň