Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen şöhle» Türkmenistanda öndürilýän poliprorileni hojalyk harytlaryna öwürýär

09:5122.09.2020
0
995

«Türk­men şöh­le» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­gin­dä­ki te­le­ke­çi­le­riň se­na­gat zo­la­gyn­da ýer­leş­ýän plast­mas­sa we po­lie­ti­len önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän kär­ha­na­sy önüm­çi­li­giniň gör­nüş­le­ri­ni bar­ha art­dyr­ýar.

Bu ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň önüm­çi­lik des­ga­la­ry 2,5 gek­ta­ra ba­ra­bar meý­da­ny eýe­le­ýär. Kär­hana­nyň önüm­çi­lik bö­lüm­le­rin­dä­ki aw­to­ma­tik usul­da iş­le­ýän kä­milteh­no­lo­gi­ýa­lar plast­mas­sa we po­lie­ti­len önüm­le­rin­den dür­li gör­nüş­li hoja­lyk ha­ryt­la­ry­ny ön­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry her bir öý­de gün­de­lik ula­nyl­ýar. Olar ho­ja­lyk işi­ni ta­la­ba la­ýyk alyp bar­ma­gyň esa­sy ze­rur­lyk­la­ry bo­lup dur­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, kär­ha­na­da ön­dü­ril­ýän her bir önü­miň ýo­ka­ry hil de­re­je­si ba­ra­da aý­ra­tyn alada edil­ýär. Şo­nuň bi­len bir ha­tar­da, kär­ha­na­da ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­nyň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň önümçi­li­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Kär­ha­na­nyň plast­mas­sa önüm­le­ri­niň önümçi­li­gi bo­ýun­ça bö­lü­min­de il­ki­ba­da stol, otur­gyç, gül­dan, se­bet, bed­re, süz­güç, le­gen, sa­byn gap­la­ry, me­ji­me, ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen le­gen, çe­ker, as­gyç, da­rak, oý­na­waç­lar ýa­ly ha­ryt­la­ryň önüm­çi­li­gi al­nyp bar­lan bol­sa, bu gün ola­ryň gör­nü­şi has-da art­dy. Gül otur­dyl­ýan gap­la­ryň, su­sa­gyň, ça­ga­lar üçin şe­kil­le­ri düz­ýän oýunjak­la­ryň, bo­ýag guý­ma­ga ni­ýet­le­nen gap­la­ryň, süýt önüm­le­ri, na­har we dür­li ta­gam­lar üçin gap­la­ryň hem-de ho­ja­lyk­da ula­nyl­ýan beý­le­ki ha­ryt­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne gi­ri­şil­me­gi bi­len, kärha­na­nyň meş­hur­ly­gy hem-de önüm ön­dü­ri­ji­lik ge­ri­mi has-da ýo­kar­lan­dy. Kär­ha­na­da azyk we azyk däl önüm­le­ri­niň gap­la­ma­la­ry hem-de haryt ny­şan­la­ry ýa­ly çap önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi hem ýo­la goý­lan­dyr.

Hä­zir­ki wagt­da kär­ha­na­da iş­ler üç çal­şyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Önüm­çi­lik işin­de çig mal hökmün­de, esa­san-da, Türk­men­ba­şy­nyň ne­bi­ti gaýta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­dan ge­ti­ril­ýän po­lip­ro­pi­len ula­nyl­ýar. Kär­ha­na­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li we köp gör­nüş­li ha­ryt­lar paý­tag­tymy­zyň we we­la­ýat­la­ry­my­zyň söw­da no­kat­la­ry ar­ka­ly ila­ta ýe­ti­ril­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň