Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

23:4621.09.2020
0
10803

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde wideomaslahat görnüşinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi — diýip, TDH habar berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler.

Duşuşyga gatnaşyjylar köptaraplaýyn görnüşlerde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy bellenilýän ýylynda iki döwletiň hem BMG-niň çäklerinde, şol sanda birnäçe gün mundan öň açylan Baş Assambleýanyň maslahatynda ileri tutulýan garýyşlar hökmünde beýan edilen täze taglymlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlygy giňeltjekdiklerine ynam bildirdiler.

Geňeşmeleriň barşynda sebit meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy Aral deňziniň hem-de Merkezi Aziýanyň suw-energetika meseleleriniň çözülmegine öz garaýyşlaryny ýene-de bir tassyklady.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň (türkmen tarapynyň Aral deňziniň ýakasyndaky ýurtlar üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky we özbek tarapynyň BMG-niň Aralýaka sebiti üçin adam howpsuzlygy boýunça Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk trast gaznasyny döretmek baradaky) başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtap, olary iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdiler.

Goňşy Owganystana ýardam bermek meselelerinde hyzmatdaşlyk ara alyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Türkmenistan bilen Özbegistanyň Owganystan Yslam Respublikasyna parahatçylygyň we raýat ylalaşygynyň emele gelmegi boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşýandyklary hemmelere mälimdir.

Iki ýurt hem owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri energetika we düzümleýin taslamalarynyň birnäçesini durmuşa geçirýärler. Mysal üçin, Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan TOPH gaz geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmekde, Türkmenistan –Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamlary we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmekde, OYR ugry boýunça demir ýollarynyň gurluşygynda ep-esli ösüş gazandy.

Syýasy-diplomatik meseleler bilen bir hatarda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmeginiň mümkinçiliklerine hem garaldy, gaz, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa pudaklarynda, söwda, obasenagat we beýleki ulgamlarda alnyp barýlan bilelikdäki işler şeýle hyzmatdaşlygyň baş ugry bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy durnukly ösüş meýillerine eýedir. Diňe 2019-njy ýylyň görkezijileri boýunça onuň möçberleri takmynan 80 göterim ýokarlandy.

Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek hem-de şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli meseleleriň birnäçesini oňyn çözmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medengi hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini taýýarlamak wem ony geçirmek baradaky pikiri aýtdylar.

Ýakyn ynsanperwer gatnaşyklary döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Umumy medeniýete, däp-dessurlara eýe bolan Türkmenistanyň we Özbegistanyň doganlyk halklary gatnaşyklaryň köpasyrlyk taryhyna daýanyp, häzirki wagtda döredijilik we ylmy işgärleriň yzygiderli duşuşyklaryny, medeniýet günlerini, sergileri, konsertleri, festiwallary geçirmek arkaly bu ugry ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda guramagyň zerurdygyna berk ynam bildirilip, hyzmatdaşlaryň netijeli guraly hökmünde olaryň möhümdigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň