Soňky habarlar

Arhiw

Super ýyldyz öňki toparyna dolandy

13:4021.09.2020
0
1041

“Real Madridiň” uelsli ýyldyzy Garet Beýl 7 möwsümden soň, ozalky kluby “Tottenheme” dolandy. 31 ýaşly çep gyraky futbolçy “Tottenhem” bilen 1 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy. London şäheriniň wekili Beýliň kärendesi üçin “Real Madride” 20 million funt sterling tölär. Bu bolsa kärende tölegi üçin tölenjek iň uly tölegleriň biri bolar. 2013-2014 möwsüminiň başynda rekord baha, 101 million ýewro transfer tölegi bilen “Real Madridiň” düzümine goşulan Beýli bu klubda 251 oýunda 105 gol geçirdi. Ol “Realyň” düzüminde 9 kubok gazandy. “Tottenhem” “Real Madridden” başga bir oýunçy – çep gyraky goragçy Serhio Reguilony hem 30 million ýewro transfer etdi. 23 ýaşly oýunçy täze kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň