Soňky habarlar

Arhiw

Ýeňil, eplenýär, elektrikli

13:3221.09.2020
0
897

“Morfuns Bicycle” şereketi ýeňil materialdan öndürilen eplenýän welosipedini tanyşdyrdy. Bahasy 1000-1300 dollar aralygyna bolan bu welosiped elektrik energiýasy bilen hereket edýär. Iki tigirli ulagyň “Éole C” we “Éole S” atly iki görnüşi bar. “Éole S” tehniki aýratynlyklary babatda has kuwwatly hasaplanýar. Bir gezekki zarýady bilen 50 km ýol geçip biljek “Éole C” bolsa, 1000 dollardan satuwa çykarylar. Ulaglaryň agramy 15,8 kg-a barabar bolup, pedaly arkaly hem sürüp bolýar. Ulagyň sargyt esasynda global bazara iberiljekdigi habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň