“Apple” täze sagat baglaryny tanyşdyrdy

12:2521.09.2020
0
857

Golaýda “Apple” kompaniýasy “akylly” sagatlaryny köpçülige görkezipdi. Indi bolsa kompaniýa bu sagatlara niýetlenen silikondan hem-de örülip taýýarlan iki görnüşli sagat bagyny tanyşdyrdy. Täze sagat baglary nusgawy baglardan tapawutlylykda bitewi edilip öndürilipdir. Şeýle bolansoň müşderiler öz goşarynyň ululygyna görä bag saýlamaly bolýar. Sport sagatlarynyňka meňzeş bolan bu baglaryň uzynlygy babatda 9 görnüşlisi bar.

“Solo Loop” atly silikon baglaryň jemi  reňklisi bolar. 49 dollardan satyljak baglardan ilki gyzyl reňklisi satuwa çykarylar. Bagyň içki tarapynda derlemegiň öňüni alýan deşijekler göz öňünde tutulypdyr. “Braided Solo Loop” atly örülen baglar bolsa, 99 dollardan satuwa çykaryldy. Bu önümde çig mal hökmünde ozal ulanylan harytlardan peýdalanylypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň