Soňky habarlar

Arhiw

Pakistanyň Prezidenti türkmen kärdeşi bilen geçirilen gepleşiklere ýokary baha berdi

12:0921.09.2020
0
8859

Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi , türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň diýseň uly ähmiýete eýedigini aýtdy. Bu barada APP habar berýär.

Alwi özüniň twitter hasabynda: «Türkmenistanyň Prezidenti bilen söhbetdeş bolmak we Bakuwda geçirilen ýürekdeş gepleşiklerimizi dowam etdirmek diýseň ýakymlydy» diýip, bu söhbetdeşligiň ähmiýetien ýokary baha berdi.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda anna güni telefon arkaly söhbetdeşligiň bolandygyny ýatladýarys. Prezidentler Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy we TAP elektrik geçirijisi barada pikir alyşdylar.

Mundan ozal Pakistanyň prezidentiniň metbugat gullugy iki ýurduň Liderleriniň bar bolan gatnaşyklardan kanagatlanýandyklaryny habar berdi we iki dogan ýurduň arasyndaky söwda, ykdysady we energiýa hyzmatdaşlygyny diwersifiksiýa ýoly bilen has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň