Soňky habarlar

Arhiw

BSGG-niň Ýewropa edarasy bilen Türk Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi

11:0421.09.2020
0
3647

Bütindünýa saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa edarasy bilen Türk Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi.

Ähtnamada iki guramanyň saglygyň aýry-aýry ugurlary, şol sanda saglygy goraýyşyň ähliumumy gurşawyna geçmek, adatdan daşary ýagdaýlarda adamlary goramak we Türk Geňeşine agza ýurtlaryň ilatynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň kanuny esaslary nygtalýar.

Oňa laýyklykda, bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýörite iş meýilnamasy taýýarlanar.

BSGG-niň sebit wekili Türk Geňeşine agza döwletler bilen ysnyşykly gatnaşyklara ýokary baha berdi. Sebit edarasy bu ýurtlar bilen ýakyndan işleşmäge we ähli ýurtlaryň arasynda we gyzyklanýan taraplaryň işini utgaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň