Arhiw

21-nji sentýabr – Halkara Parahatçylyk güni

10:2421.09.2020
0
1768

Halkara Parahatçylyk güni Birleşen milletler gurmasy tarapyndan 2002-nji ýyldan bäri her ýylyň 21-nji sentýabrda bellenilip geçilýär. 

Halkara Parahatçylyk güni  BMG-niň Baş Assambleýasynyň1981-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky 36-njy mejlisiniň A/RES/36/67 belgili karary bilen döredildi. Şol karara laýyklykda, bu şanly sene 1982-nji ýyldan başlap, 2001-nji ýyla çenli  sentýabr aýynyň üçünji sişenbe güni – BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş güni bellenilip geçilýärdi. Halkara Parahatçylyk gününi 21-nji sentýabrda bellemeklik karary bolsa BMG Baş Assambleýasynyň 2001-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky 55-nji mejlisiniň A/RES/55/282 belgili ýörite karary bilen kabul edildi. Şondan bäri, her ýylyň 21-nji sentýabrynda halkara jemgyýetçiligi Halkara Parahatçylyk gününi belleýär. Bu gün Baş Assambleýa tarapyndan ähli ýurtlaryň we halklaryň arasynda –  milli we halkara derejesinde dünýä nusgalyk parahatçylyk maksatlaryny pugtalandyrýan gün hökmünde yglan edildi.

Birleşen milletler guramasy şu ýylyň – 2020-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda bellenilýän Halkara Parahatçylyk gününi  "Dünýäni bilelikde şekillendirmek" atly mowzuk bilen geçirer.

Halkara Parahatçylyk güni mynasybetli 2007-nji "Parahatçylyk Birleşen Milletler Guramasynyň iň ýokary çagyryşy", 2008-nji ýylda “Adam hukuklary we parahatçylygy goramak”, 2009-njy ýylda “Ýaragsyzlanmak we ýarag ýaýratmazlyk”, 2010-njy ýylda “Ýaşlar parahatçylyk we ösüş üçin”, 2011-nji ýylda “Parahatçylyk we demokratiýa: Pikiriňizi beýan ediň”, 2012-nji ýylda “Durnukly gelejek üçin durnukly dünýä”, 2013-nji ýylda “Parahatçylyk üçin bilim”, 2014-nji ýylda “Halklaryň parahatçylyk hukugy”, 2015-nji ýylda "Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk - hemmeler üçin mynasyp sebäp", 2016-njy ýylda “Durnukly ösüş maksatlary: Parahatçylyk esaslary”, 2017-nji ýylda 

“Parahatçylyk bilen bilelikde hemmelere hormat, howpsuzlyk we mertebe”, 2018-nji ýylda “Parahatçylyk hukugy – Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy (70 ýyl)”, 2019-njy ýylda “Parahatçylyk üçin howa hereketi” atly ýyllyk mowzuklary geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň