“Microsoft” şereketi hemmeler üçin täze Skype çykardy

09:5921.09.2020
0
1155

Skype 8.64 size "reaksiýalary" sazlamaga mümkinçilik berýär.

“Microsoft” şereketi “Skype” täzelenmesini ähli ulanyjylara hödürläp başlady.

Skype 8.64, iş stoly wersiýasy üçin fon suratlaryny üýtgetmäge mümkinçilik berýän Skype 8.62 çykandan iki aý töweregi wagt soň çykdy. Sentýabryň başynda çykan 8.63 wersiýasy diňe kemçilikleri düzetdi, täze aýratynlyklar ýok.

Skype 8.64 kiçijik täzelenme, ýöne bir peýdaly täzelik getirýär. Ulanyjylar indi "reaksiýalary" sazlap bilerler. «Настроить» ("Düzelt") düwmesine basyp, ulanyjynyň çalt girmek isleýän zadyny
saýlap boljak panel görkezilýär.

Indi bu aýratynlyk “Skype”-iň ykjam we iş stoly ýaly ähli wersiýalaryna paýlanýar. Mundan başga-da, birnäçe heläkçiligi düzetmek üçin käbir gysga ýollar kämilleşdirildi. “IOS” üçin Skype wersiýasynda mazmuny kontaktlar bilen göni paýlaşmak has amatly boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň