Soňky habarlar

Arhiw

“Xiaomi Amazfit Band 5” 21-nji sentýabrda satuwa çykarylar

09:4921.09.2020
0
785

Bu, “Xiaomi Mi Band 5”-iň göçürmesidir we diňe birneme gowudyr. “Huami Amazfit Band 5”-de bolsa iki sany peýdaly goşmaça aýratynlyk bar

“Xiaomi Mi Band” fitness yzarlaýjylary “Huami” tarapyndan döredildi. Adatça, şondan soň “Amazfit” markasy bilen gaty meňzeş önümleri çykarýar. 

”Huami” şu gün “Amazfit Band 5”-ni çykardy we “Mi Band 5”-iň doly göçürmesi diýen ýaly.Ýöne, biraz tapawutlary bar.Tehniki tarapdan hemme zady birmeňzeş: 1,1 dýuýmlyk AMOLED ekrany, bir gezek berlen zarýad bilen iki hepde güýjüni saklaýan batareýa we başgalar. Emma “Amazfit Band 5” impuls oksimetr funksiýasyna we Amazon Alexa goldawyna eýedir, sebäbi bilezik ABŞ bazaryna gönükdirilendir. Bu düýpli tapawutlar diýmek däldir. Ýöne muňa garamazdan, janköýerleriň olaryň haýsydyr birini satyn almak mümkinçiligi bar bolsa, Amazfit-i saýlarlar.

Täzelik ABŞ-da 45 dollar, irki myş-myşlarda aýdyşy ýaly 50 dollar däl. Satuw 21-nji sentýabrda başlar.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň