“Apple” şereketiniň paýnamalary bilen birlikde maýa goýumy hem 500 milliard dollardan gowrak azaldy

09:4221.09.2020
0
706

“Apple” şereketiniň üç hepdäniň içinde paýnamalary bilen birlikde maýa goýumy hem 500 milliard dollardan gowrak azaldy. Takmynan, bir aý ozal “Apple” kompaniýasy 2 trillion dollarlyk bazar maýasy bilen ilkinji Amerikan kompaniýasy we taryhda ikinji kompaniýa boldy. Analitikleriň köpüsiniň çak edişinden has ýokary derejä ýetdi we gymmatly kagyzynyň bahasy ýokarlanmagyny dowam etdirdi.

1-nji sentýabrda kompaniýanyň paýnamalary 134 dollara çenli ýokarlandy we maýa goýumy 2,3 trillion dollardan geçdi. Bu bolsa “Apple” şereketi üçin iň ýokary dereje boldy. Şondan soň paýnamaň gymmaty gaçyp başlady we amal dowam edýär.

Diňe üç hepdäniň dowamynda “Apple” şereketi 500 milliard dollardan gowrak maýa ýitirdi we paýnamalary 107 dollara düşdi. Bu ýagdaýyň anyk sebäbi ýok. Hünärmenler beýleki bir gün bolup geçen täsir galdyryjy prezentasiýa barada gürleşýärler, ýöne “Apple” şereketiniň paýnamalarynyň pese gaçmagy bu wakadan has öň başlandy. Analitikler bazaryň içerki proseslerini we “Apple”şereketiniň paýnamalarynyň bahasynyň aşa ýokarlanmagy baradaky aladalary hem belläp geçýärler.

Esasy pese gaçma 1-nji sentýabrdan 8-nji sentýabr aralygynda bolup geçdi we bu proses häzirem dowam edýär. Ýöne has haýal dowam edýär. 

Analitikler täze “iPhon”-yň ýakyn wagtda yglan edilmegi bilen paýnamalar ýene-de ýokarlanar diýip garaşýarlar. Mundan başga-da, “Apple” şereketi özüniň gaty ýykylmagyna garamazdan, iň ýakyn bäsdeşlerinden ep-esli öňde iň gymmat kompaniýa bolup galýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň