Soňky habarlar

Arhiw

“Huawei” şereketi “Google Play”-iň ýerine “AppGallery” ulanyp başlady

09:3521.09.2020
0
848

“Huawei” şereketi “AppGallery” onlaýn dükany üçin täzelenme çykardy. Bu kompaniýanyň çykaran täzelenmesi bolsa, käbir düzedişleri goşmak bilen interfeýs dizaýnyna üýtgeşmeler getirýär.

“AppGallery”-da “Featured” (Halanýanlar), Apps (Goýmalar), Games (Oýunlar) we Me (Maňa) bellikleri bilen täze aşaky çyzgy bar.

Öňki kategoriýalar we ýokarky bellikler indi programmalar we oýunlar bilen çalşyrylýar. Bu goýmalar programmalary we oýunlary görnüşine görä tertipleşdirmek üçin beýleki opsiýalary we kategoriýalary ulanýar.

Gurnalan programmalary dolandyrmak we täzelenmeleri barlamak üçin “Manager” goýmasy ulanylýardy. Indi aýryldy. Maglumata görä, dolandyryş funksiýalary profildäki bölüme, sowgatlar, baýraklar we teswirler bolsa täzelenmeler bilen bölümiň ýokarsyna geçirildi.

“Huawei” şereketi nyşanlarynyň görnüşi bilen ululygyny-da üýtgetdi. Täzelenme ýuwaş-ýuwaşdan “Huawei” we “Honor” ulanyjylaryna ýaýrap başlady.
ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli “Huawei” kompaniýasy “Google” hyzmatlaryny we programmalaryny enjamlaryna gurnamak mümkinçiligini ýitirdi. Şonuň üçinem bu şereket “Google Play”-iň ýerine “AppGallery” ulanyp başlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň