Soňky habarlar

Arhiw

«KAMAZ» GDA ýurtlaryna eksportyny artdyrdy

11:3620.09.2020
0
27569

2020-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda Russiýanyň «KAMAZ» kompaniýasy GDA ýurtlaryna eksportyny artdyrdy we uzak ýurtlara iberilýän önümleri azaltdy. Bu barada Finmarketiň habarynda bellenilýär. Kompaniýanyň 2020-nji ýylyň ikinji çärýegindäki hasabatyna görä, ýanwar – iýun aýlarynda awtoulaglaryň we gurnama enjamlarynyň umumy eksporty 1,894 müň sany enjam bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 37,2% köp. Eksportyň ösüşi GDA ýurtlaryna 1,579 müň sany tehnika iberilmegi, ýagny ozalkydan  (+ 71,6%) artmagy bilen baglanyşyklydy. Şeýle-de ýanwar – iýun aýlarynda GDA  degişli däl ýurtlara iberilişi 315 (-31.5%) sany boldy.

2020-nji ýylyň birinji ýarymynda “KAMAZ” 682 ulagyny Türkmenistana iberdi. 2021-nji ýylda “KAMAZ”-yň Türkmenistana ýene 400 sanysynyň iberilmegi meýilleşdirilýär.

Ulaglara doly tehniki hyzmat edilýän Aşgabatda "KAMAZ" söwda, okuw we hyzmat merkezi hem hereket edýär.   Şeýle hem, bu ýerde enjamyň aýratynlyklaryny, işleýşini, diagnostikasyny we täze enjamlara hyzmat etmegi öwrenýän türkmen hünärmenleri taýýarlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň