Türkmenistan bilen Pakistan gazyň bahasy barada bir ylalaşyga geler

18:4319.09.2020
1
16368

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň çäginde Pakistany gazyň bahasy hem-de eltip beriş nokady bilen bagly meseleleri çözjekdigine ynandyrdy.

«TAPI Pipeline Company Ltd-iň» baş ýerine ýetiriji direktory we müdiriýetiniň başlygy Muhammetmyrat Amanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pakistanyň gazyň bahasy babatdaky
 ynjalyksyzlygynyň degişli şertnamalarda göz öňünde tutuljakdygyny mälim etdi.

TOPH gazynyň bahasy babatdaky gepleşikler dünýädäki epidemiologik ýagdaý gowulaşan badyna başlar diýip, türkmen tarapy 18-nji sentýabrda Yslamabatda geçirilen ýygnakda aýtdy.

Gepleşiklerde Pakistan tarapyna premýer-ministriň nebit boýunça ýörite kömekçisi Nadim Babar wekilçilik etdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow hem gatnaşdy.

TOPH taslamasynda «Galkynyş» gaz käninden we Türkmenistandaky ýanaşyk gaz ýataklaryndan Owganystana, Pakistana we Hindistana tebigy gazyň iberilmegi göz öňünde tutulýar.

Habar berlişi ýaly, türkmen-owgan serhedinden Owganystandaky Hyrat gaz çykaryş nokadyna çenli gurluşyk işlerine başlamak meýilleşdirilýär.

«Owganystanda gurluşyk işleriniň başlanmagy halkara maýadarlarynyň taslama maýa goýmakdaky ynamyny ep-esli ýokarlandyrar» - diýip, Pakistan tarapy belleýär.

Pakistan Owganystan bilen ugurdaş Pakistanda çynlakaý gurluşyk işlerine başlamaga taýýarlanylýandygyny aýtdy. Şeýle hem taraplar kabul ediji ýurt bilen şertnamany şu ýylyň ahyryna çenli
tamamlamak barada ylalaşdylar.

Pakistanyň resmi wekilleri şu möhüm meseleler çözülenden soň, TOPH-da mümkin boldugyça ir öňe gidişlikleri gazanmak isleýändiklerini aýtdy.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
altynhasap ( 20.09.2020 )

У вас наверное ошибка в предложении "протяженность трубопровода составит более 1,8 километров". Может забыли добавить "тысяч".

0