Bäherdendäki maldarçylyk toplumynda her gün 12 tonna süýt alynýar

16:5419.09.2020
0
1230

“Ajaýyp ussat – halal önümler” hojalyk jemgyýeti mundan iki ýyl öň maldarçylyk toplumynda mermer etini öndürýän bölümi açdy. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän fermada häzirki wagtda ýöriteleşdirilen tohum mallaryň 700-den gowrak baş sany saklanýar. Bu barada «Biznes Türkmenistan» “Türkmenistan” gazetine salgylanyp habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu iri maldarçylyk toplumyna mermer etiniň önümçiligi üçin Russiýadan sygyrlaryň 300-si, öküzleriň hem 15-si getirildi.

Önümçilik bölümiň ýolbaşçysy Başmyrat Berdimyradowyň gürrüň berşi ýaly, mallaryň kadaly iýmitlenmegi üçin “Arçman” daýhan birleşiginiň çäginde bölünip berlen 500 gektar meýdana mekgejöwen, arpa, ýorunja ýaly ot-iýmlik ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Şeýle-de fermanyň çäklerinde simmental hem-de golşteýn tohum mallaryň 3,5 müňe golaýy hem saklanylýar, şolaryň 750-ä golaýy sagylýan sygyrlardyr.Her günde 12 tonnadan gowrak süýt alynýar. Süýt Ahal we Mary welaýatlarynyň süýdi gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryna iberilýär.

Maldarçylyk toplumy bir ýylda 100 tonna golaý eti ýurduň söwda nokatlaryna ugradýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň