Türkmenistanda sport jemgyýetçiligi wagtlaýyn tertibe geçýär

16:2719.09.2020
0
1375

Türkmenistan, sebitdäki we dünýädäki kyn epidemiologik ýagdaýyň çäginde sport çärelerini, seminarlary, türgenleşikleri we sport lagerlerini täze wagtlaýyn tertibe laýyklykda geçirer. Bu barada «TM Cars» habar berýär. Türkmen sportundaky täzelikleriň esasy maksady ýiti ýokanç keselleriň öňüni alyş kadalaryny berjaý etmekdir.

  • Ilki bilen, sport desgalarynda (zallarda we jaýlarda) üzärligiň gündelik ulanylmagy üpjün edilýär.
  • Sport seminarlaryna, türgenleşiklere we sport lagerlerine gatnaşyjylar türgenleşik wagtlaryndan başga wagt gorag lukmançylyk örtüklerini dakynmaly.
  • Sport desgalarynyň we meýdançalaryň girelgelerinde elleri antiseptik serişdeleri bilen dezinfeksiýa etmek hem-de şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek üçin ýerler gurnalmaly. Bu ýerde burun boşlugynyň oksolin melhemi bilen işlenilmegini üpjün etmek, elleri ergin bilen arassalamak we uzaklykdan temperaturany ölçemek üçin ýörite berkidilen lukmançylyk işgäri bolmaly. Howpsuz, ýagny iki mertden az bolmadyk sosial araçägi üpjün etmek üçin iki salkynda türgenleşýän türgenlere üç salkyna geçmäge rugsat berilýär. Köp türgenli zallarda iki topara bölünmegi üpjün etmeli, şunuň bilen birlikde her bir türgeniň bölünen meýdany 5 inedördül metrden az bolmaly däl.
  • Türgenleşik zallarynda sport enjamlary hem biri-birinden 2 metrden az bolmadyk aralykda ýerleşmeli.
  • Sport ýaryşlaryna gatnaşýan türgenler, tälimçiler we hünärmenler ýiti ýokanç keselleriň barlaglary bilen birlikde saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamany görkezmeli. Sport ýaryşlary wagtynda tomaşaçylaryň girişi çäklendiriler.
  • Şeýle-de, sport çärelerine gatnaşyjylaryň Aşgabatdan sebitlere we sebitlerden paýtagta iş saparlary, şeýle-de sebitara saparlar saglyk ýagdaýy baradaky kepilnamanyň görkezilmegi bilen amal edilmelidir.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň