Soňky habarlar

Arhiw

NBA-da ýylyň oýunçysy belli boldy

14:0719.09.2020
0
607

NBA-da adaty möwsümiň iň gymmatly oýunçysy (MVP) diýlip, “Milwaki Baksyň” super ýyldyzy, asly nigeriýaly grek basketbolçy Ýannis Adetokunbo saýlandy. Ol bu ugurda super ýyldyz LeBron Jeýms hem-de Jeýms Hardenden tapawutlanmagy başardy. 25 ýaşly basketbolçy dürli ýurtlardan 100 sport žurnalistiniň ses bermegi esasynda bu hormata laýyk görüldi. Ol geçen möwsümde-de saýlanyp, bassyr 2-nji gezek adaty möwsümiň MVP-si saýlandy. Bu baýragy yzly-yzyna alan 2-nji basketbolçy boldy. Şeýle-de adaty möwsümde ýylyň goragçysy hem saýlanan Adetokunbo 1 möwsümde 2 baýrak gazanan 3-nji basketbolçy bolmagy başardy. Ondan öňde Maýkl Jordan hem-de Hakim Olajuwon 1 möwsümde 2 baýrak birden gazanypdy.Şeýle-de ol 25 ýaşyna çenli iň gymmatly oýunçy baýragyny 2 gezek alan 3-nji basketbolçy hökmünde hasaba alyndy (LeBron Jeýms, Karim Abdul-Jabbar). 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň