Türkmenistanda tebigy gazyň sarp edilişine gözegçilik güýçlendirilýär

13:2219.09.2020
0
1229

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 18-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ilatyna gaz bermegiň Kadalaryny» hem-de «Türkmenistanda kärhanalaryň we guramalaryň gazy peýdalanmagynyň Kadalaryny» kämilleşdirmek, olary döwrüň talaplaryna kybap getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hususan-da, olarda iberilýän gazy hasaba almagyň, hasaplaşyklary nagt we nagt däl görnüşde geçirmegiň düzgünleri, taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi kesgitlenildi. Tebigy gazy sarp edijileriň howpsuzlyk kadalaryny berk berjaý etmekleri we howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmeýän gaz geçiriji ulgamlary özbaşdak çekmekleri, şeýle hem tehniki talaplara laýyk gelmeýän gaz gurallaryny ulanmaklarynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň, ýaşaýyş we jemagat hojalyk desgalaryny, senagat kärhanalaryny gazlaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.

Milletiň Lideri önümçilik we durmuş ulgamlaryna döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary, şeýle hem tebigy gazyň sarp edilişini hasaba alyş ulgamlaryny giňden ornaşdyrmak barada wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň