Şu ýyl Türkmenistanda jemi içerki önüm 5,8 göterim artdy. Bu artyşda pudaklaryň paýy nähili?

13:1419.09.2020
0
1405

Makroykdysady görkezijilere geçirilen seljermelere laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň 5,8 göterim artyp, şunda umumy jemde senagat pudagynyň paýynyň — 27,1 göterim, oba hojalygynyň — 11,4 göterim, gurluşyk pudagynyň — 8,6 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň — 11 göterim, söwdanyň — 19,3 göterim we hyzmatlar ulgamynyň paýynyň — 22,6 göterim möçbere deň bolmagy meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer G.Müşşikow 18-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi.

Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýete goýulýan maýa goýumlarynyň möçberiniň şu ýylda jemi içerki önümiň 19,4 göterimine deň bolmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň