“Bawariýadan” 8 golly başlangyç

12:5819.09.2020
0
706
“Bawariýadan” 8 golly başlangyç

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň biri bolan Germaniýanyň “Bundesligasynyň” täze 58-nji möwsümine düýn badalga berildi. Möwsümiň ilkinji duşuşygynda soňky 8 ýylyň çempiony “Bawariýa” öz meýdançasynda “Şalkeni” kabul etdi. Ilkinji hüjümleri “Şalke” geçiren hem bolsa, “Bawariýa” garşydaşyny 8-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Geçen aýda “Barselonanyň” derwezesindenem 8 gol geçiren “Bawariýanyň” gollarynyň 3-sini Gnabri (4, 47, 59), Goreska (19), Lewandowski (31 p), Müller (69), Sane (71) hem-de Musiala (81) geçirdi. Toparyň soňky goluny geçiren 17 ýaşly Musiala klubuň taryhynda tapawutlanan iň ýaş futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň