Türkmenistan Türkiýedäki raýatlaryny alyp geler

12:0519.09.2020
0
78577

Türkmenistanyň Hökümetiniň 2020-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkiýe Respublikasynda galan 277 raýatymyzy Türkmenistana getirmek üçin uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýändigi mälim edildi. Bu barada «Atawatan-Türkmenistan» internet sahypasynda habar berilýär.

Internet saýtynyň bellemegine görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “Boeing 777-200” kysymly uçary Aşgabat-Stambul-Türkmenabat gatnawyny amala aşyrar.

Türkmenistan getirilen raýatlaryň ählisi Türkmenabat şäherinde hökmany iki hepdelik karantin çärelerine tabyn bolarlar.

Mundan ozal, Türkmenistanyň Hökümeti Belarusdaky, Russiýadaky hem-de Hindistandaky türkmen raýatlaryny getirmek üçin ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň