Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy soňky wagtlarda ID atly elektrokarlaryna has köp ähmiýet bermegi bilen tanalýar. Indi bolsa kompaniýa täze bir modelini taýýarlaýar. Täze model “Tiguan” ulagynyň bazasynda döredilip, kompakt krossower görnüşinde bolar. Esasan, Demirgazyk Amerika bazaryna niýetlenen modeliň adynyň “Taos” boljakdygy mälim edildi. Taos 6000 ilaty bolan we taryhy 400 ýyla ýetýän gyzyltenlileriň ýaşaýan şäherçesidir. Kompaniýanyň Amerikadaky bölüminiň wekili Heýn Şafer “Volkswagen”-iň täze agzasynyň adyny mälim etmeginiň özleri üçin buýsandyryjydygyny belläp, Taos şäherçesiniň sungata, dizaýna we aşhana iri şäherler ýaly aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Taos şäherçesiniň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçysy Dan Barrone bolsa, “Volkswagen”-iň täze ulagyna öz şäherçesiniň adyny bermeginiň tolgundyryjydygyny, şäheriň ýaşaýjylarynyň baý taryhyny we medeniýetini “Volkswagen” bilen paýlaşmak üçin örän amatly mümkinçilikdigini aýtdy. Täze ulagyň resmi tanyşdyrylyşy 13-nji oktýabrda amala aşyrylar.
Soňky habarlar
Arhiw
“Volkswagen”-iň täze modeli
11:4019.09.2020
0
643
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň