Soňky habarlar

Arhiw

Türgenler üçin ýörite sagat çykar

11:2019.09.2020
0
967

Soňky ýyllarda saglyk durmuş ýörelgesine eýerýänleriň sany artýar. Şol sebäpli mobil enjamlarda hem şunuň bilen bagly programmalar köpeldi. “Akylly” sagatlary öndürmegi bilen tanalýan “Garmin” kompaniýasy “Forerunner 745” atly türgenlere niýetlenen sagady taýýar etdi. Sagadyň sportuň dürli görnüşleri üçin aýratyn programmalary bar. Sagat ylgamak, welosiped sürmek we ýüzmek ýaly sportlar bilen meşgullanýanlaryň hereketlerini ölçeýär. Şeýle hem sagat ýürek urşuňy ölçeýän goşarlyklar bilen hem sazlaşykly işleýär. Bulardan başga-da, sport bilen näçe wagt meşgullanandygyňy hasaplaýar. Köplenç sport bilen meşgullanylanda adamlar aýdym-saz diňlänlerini kem görmeýärler. Şol sebäpli sagatda aýdym diňlemek üçin hem ýörite programma ýerleşdirilipdir. Sagadyň bahasynyň 500 dollardygy mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň