Türkmenistan Halkara pul gaznasy bilen gepleşikleri geçirdi

23:5818.09.2020
0
23179
Türkmenistan Halkara pul gaznasy bilen gepleşikleri geçirdi

Halkara pul gaznasynyň hanym Natalii Tamirisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň hem-de Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda maslahatlaşmalaryň nobatdaky tapgyry geçirildi — diýip, TDH ýazýar.

Wideoduşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň meýilleri we çaklamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, 2020-nji ýylyň birinji ýarymy üçin maglumatlar seljerildi, şeýle hem şu ýyl üçin Döwlet býujetini ýerine ýetirmek hem-de 2021-nji ýyl üçin býujetiň taslamasy boýunça kesgitlenen görkezijiler seljerildi.

Türkmen tarapynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça geljek ýyl üçin Döwlet býujeti işlenip taýýarlanylanda birnäçe ugurlar we daşarky töwekgelçilikler nazara alynýar, şeýle hem durmuş maksatnamalaryna, durnukly ösüşe hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna üns berilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň oktýabr aýy üçin Halkara pul gaznasynyň “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljegi” atly maglumatyny taýýarlamak baradaky meselelere seretdiler. Onda ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistan boýunça ykdysady ösüşiň orta möhletli geljegine COVID-19 pandemiýasynyň täsirine baha berildi.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmek üçin Halkara pul gaznasynyň maslahatlary milletiň Lideriniň öňde goýan maksatnamalaýyn wezipeleri hem-de Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasaty bilen sazlaşýar.

Şu günki duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatynyň berkidilmegine maýa goýumlaryny artdyrmak boýunça ýurdumyzda görülýän toplumlaýyn çäreleriň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Halkara pul gaznasynyň yzygiderli geçirýän çaklamalary döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan ösmegini ynamly dowam edip, giň gerimli meýilnamalary yzygiderli durmuşa geçirýändigini tassyklaýar.

Düzümleýin we ýokary hilli özgertmeleriň barşynda ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasy döreýär we kämilleşdirilýär, ol dünýä boýunça zähmet, ählumumy söwda we maglumatlar gatnaşyklaryna işjeň goşulýar.

Halkara pul gaznasy ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar hem-de durmuşa geçirilýän, makroykdysady ähmiýetili özgertmeleri goldamak üçin tehniki kömegi berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň