Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

23:5018.09.2020
0
2450
Türkmenistanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşinde Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi, ençeme ugurlar boýunça özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň geljekki ädimleri ara alnyp maslahatlaşyldy — diýip, TDH habar berýär.

Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, Ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ukrain hökümetara toparyny işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Iki ýurduň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmek maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň hatarynda boldy. Şunuň bilen baglylykda, ukrain kompaniýalarynyň Türkmenistanda, hususan-da, gurluşyk ulgamynda, demir ýol tehnikalaryny ibermekde alyp barýan işiniň oňyn tejribesi bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar ynsanperwer gatnaşyklary, ilkinji nobatda, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň wajypdygyny biragyzdan nygtadylar.

Taraplar halkara gün tertibiniň birnäçe meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Ukrainanyň garaýyşlarynyň meňzeşdigini, şeýle hem iki ýurduň BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşi üçin şertleri üpjün etmäge degişli başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň 2020-2021-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň