Soňky habarlar

Arhiw

Sosial aralygy saklap, 37-0 hasabynda ýeňildiler

18:5618.09.2020
0
1375

Germaniýanyň professional däl ligalarynyň birinde täsin netije hasaba alyndy. “SG Ripdorf-Molzen” topary bilen “SV Holdenstedt” klubunyň arasyndaky oýunda myhmanlar taryhy hasap bilen ýeňiş gazandy. “SV Holdenstedt” topary garşydaşyny 37-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Mundan 1 hepde ozal, “Holdenstedt” toparynyň oýunçylarynyň biri “kowid – 19” keseline uçraýar. Şondan soň, beýleki oýunçylaryň barlaglarynyň negatif bolmagyna garamazdan, ýagny beýleki oýunçylaryň hiç birinde “kowid – 19” keseliniň ýokdugy anyklansa-da, “Ripdorf-Molzen” topary bu ýagdaýdan howatyr edip, duşuşyga doly ýagdaýda, 11 oýunçy bilen çykmady. 7 oýunçy bilen meýdança çykan, üstesine-de sosial aralygy saklamaga çalşan oýunçylar 37 gol geçirtdiler. Duşuşykdan soň, uly hasap bilen utulan “Ripdorf-Molzen” klubunyň prezidenti Patrik Ristow: “Meýdança çykan 7 oýunça örän minnetdar. Ýogsam oýna çykmadyk bolsadyk, onda 200 ýewro jerime tölemeli bolardyk. Olam häzirki ýagdaýda biziň üçin juda kyn düşerdi” diýip, beýanat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň