Soňky habarlar

Arhiw

Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy takyklaşýar

15:4518.09.2020
0
14050

MMA Daily habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, russiýaly ýeňilmezek pälwan Muslim Magomedow ACA-nyň ýeňil agram derejesiniň guşagy ugrundaky göreşde ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradowyň nobardaky garşydaşy hökmünde görülýär.

Ýöne bu maglumat heniz doly tassyklanmadykdyr.

31 ýaşly türkmenistanly pälwan 2018-nji ýylda ozalky çempion Batraz Agnaýewi (Russiýa) ýeňip, guşaga eýe bolupdy. Soňra iki tutluşykda ol guşagy ussatlarça goramagy başardy. Ildeşimiziň karýerasynda häzir 18 ýeňiş, 5 utulyş we bir deňlik bar.

Onuň bu  gezekki garşydaşynyň bolsa soňky ýedi duşuşykda ýeňilmän gelýändigini aýratyn aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň