Soňky habarlar

Arhiw

«Kaýrat» Gurban Berdiýewi baş tälimçilige getirmegiň meselelerine seredýär

15:2318.09.2020
0
6374

Almaty şäheriniň «Kaýrat» futbol toparynyň baş tälimçisini üýtgetmegi mümkin. Munuň sebäbi gazak toparynyň Ýewropa ligasynyň saýlama tapgyrynda Ysraýylyň «Makkabisinden» 1:2 hasabynda asgyn gelmegidir.

«Sport 24» neşiriniň ýazmagyna görä, türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew «Kaýrat» bilen gyzyklanýar. Tälimçi bilen toparyň ýolbaşçylarynyň arasyna eýýäm birnäçe gezek gepleşikler hem geçirildi, ýöne heniz belli bir ylalaşyga gelnenok.

Häzir «Kaýrata» belarusly hünärmen Alekseý Şpilewskiý tälim berýär. Topar Gazagystanyň çempionatynda 21 utuk bilen birinji orny eýelýär.

Gurban Berdiýew bilen «Kaýratdan» başga Moskwanyň «Dinamo» toparynyň hem gyzyklanýandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň