Soňky habarlar

Arhiw

Moskwanyň bir topary Gurban Berdiýew bilen ýakyndan gyzyklanýar

15:1018.09.2020
0
10638

Moskwanyň «Dinamo» futbol topary baş tälimçi wezipesine, ilkinji nobatda, Türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýewi göz öňünde tutýar — diýip, «Sport-Ekspress» habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, toparyň häzirki baş tälimçisi Kirill Nowikowyň basym işden boşadylmagy mümkin. Munuň esasy sebäpleriniň biri bolsa «Dinamonyň» Ýewropa ligasynyň saýlama tapgyrynda Tbilisiniň «Lokomotiwinden» garaşylmadyk ýagdaýda 1:2 hasabynda ýeňilmegidir.

Russiýanyň Premýer ligasynyň yzda galan 7 tapgyrynda 11 utuk toplan «Dinamo» ýaryşyň bäşinji basgançagynda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň