UEFA-da ýylyň futbolçylary baýragynyň dalaşgärleri

14:1318.09.2020
0
719
UEFA-da ýylyň futbolçylary baýragynyň dalaşgärleri

UEFA tamamlanan möwsümde Çempionlar ligasynyň iň ökdelerini saýlar. Meýdançadaky orunlaryna görä saýlanjak iň gowy oýunçylaryň dalaşgärleriniň sanawy mälim edildi. Şoňa görä, iň ökde derwezeçi, goragçy, ýarymgoragçy we hüjümçi 1-nji oktýabrda geçiriljek UEFA Çempionlar ligasynyň bije çekiliş dabarasynda mälim ediler. Ýylyň tapawutlananlary Çempionlar ligasynda çykyş etjek 32 klubuň tälimçililer bilen bir hatarda, Ýewropanyň 55 ýurdunyň hersinden bir žurnalistiň ses bermegi esasynda saýlanar.

Derwezeçiler: Keýlor Nawas (PSŽ), Manuel Noýer (“Bawariýa”), Ýan Oblak (“Atletiko”)

Goragçylar: Dawid Alaba, Alfonso Dewies, Joşua Kimmih (üçüsem “Bawariýa”)

Ýarymgoragçylar: Kewin De Bruýne (“M. Siti”), Tomas Müller, Tiago Alkantara (ikisem “Bawariýa”)

Hüjümçiler: Neýmar, Kilian Mbappe (ikisem PSŽ), Robert Lewandowski (“Bawariýa”)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň