Soňky habarlar

Arhiw

“Tesla” şereketiniň iň arzan elektrik awtoulagy Hytaýyň üsti bilen Ýewropa eltiler

10:4418.09.2020
0
1684

Hytaýda öndürilen “Tesla Model 3” elektrik awtoulagy Singapura, Awstraliýa, Täze Zelandiýa we Ýewropa iberiler. “Tesla” şereketi Hytaýda öndürilen “Model S” elektrik awtoulaglaryny Ýewropa bazarynda satar. Bu barada maglumatlar daşary ýurt metbugatynda ýaýrady.

Amerikan kompaniýasynyň iň girdejili modeli häzirki wagtda ABŞ-dan Ýewropa iberilýär. Şeýle-de bolsa, “Tesla Model 3”-iň çykarylyşy şu ýylyň noýabr aýynda Şanhaýdaky täze zawodda başlar.

Ýerli bazardan başga-da, Singapura, Awstraliýa, Täze Zelandiýa we Ýewropa awtoulaglar getiriler. Eltip bermek 2020-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2021-nji ýylyň başynda başlap biler.

“Tesla” şereketi elektrik awtoulag bazaryndaky bäsdeşlik sebäpli elektrik awtoulaglarynyň önümçiligini artdyrmak isleýär. Sebäbi kompaniýa täze “ýaşyl” awtoulaglary hödürleýän “Volkswagen”, “Renault”, “PSA Peugeot-Citroen” we “BMW” şereketleri bilen bäsleşmeli bolar. Şol bir wagtyň özünde, “Tesla” şereketi ilkinji Ýewropa kärhanasy “Gigafactory 4”-i işe girizmekçi. Zawod geljek ýyl Berliniň töweregindäki Berlin-Brandenburg howa menziliniň golaýynda açylar. Bahasy 4 milliard dollar töweregi boljak zawod, takmynan 300 gektar meýdany tutar. Täze zawod 10,000 töweregi iş ýerini döreder. Zawod ykjam krossover Model Y we elektrik awtoulaglary üçin batareýa paketlerini öndürer.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň