Soňky habarlar

Arhiw

Global blokçeýn bazary şu ýyl 50 göterim öser

10:0518.09.2020
0
1473

“IDC” şereketi analitikleri ýakyn ýyllarda global blokçeýn bazary üçin täze çaklamany ýaýratdylar. Pandemiýa we kyn ykdysady ýagdaýa garamazdan, blokçeýn senagaty ösmegini dowam etdirer.

Analitikleriň pikiriçe, şu ýyl bazaryň pul mukdary 4,1 milliard dollara ýeter. Bu çaklamalar amala aşsa, ösüş geçen ýyl bilen deňeşdirilende 50 göterimden geçer.

Ösüş depgininiň netijesinde çykdajylar 2024-nji ýylda 17,9 milliard dollara ýeter we bu ýyl bilen deňeşdirilende dört esse köpdür.

Maglumata görä, şu ýyl global blokçeýn bazaryndaky umumy çykdajylaryň dörtden bir bölegi bank pudagyna düşer. Jemi çykdajylaryň 25 göterimi önümçilik pudagyna, bazaryň umumy göwrüminiň takmynan 70 götermi IT we işewür hyzmatlarynyň ähli görnüşleriniň paýyna düşer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň