Arhiw

Kiýewde kibersport arenasy dörediler

09:5418.09.2020
0
674

Ukrainanyň Kiýew şäherinde kibersport arenasy (meýdançasy) dörediler. Bu barada Ukrainadaky “Natus Vincere” köp oýunly kibersport guramasynyň esaslandyryjysy Aleksandr Kohanowskiý habar berdi. Onuň sözlerine görä, toplum 10 000 töweregi adamy birleşdirer.

Aleksandr Kohanowskiý "Bu arenada diňe bir kiber sport ýaryşlary däl, eýsem yzygiderli sport türgenleşikleri, konsertler, sergiler we konferensiýalar hem geçiriler. Ukrainada entek beýle ýer ýok.

“Dnipro” myhmanhanasy bilen bilelikde arenada 16-a golaý uly kibersport çäresi geçiriler. Bu bolsa öz gezeginde her ýyl 100,000 syýahatçynyň gelmegini üpjün eder. Şäher býudjeti ýylda 40 million griwni alar "-diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň