Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur “fintech” kompaniýalarynyň bazar maýasy ýokarlandy

09:1018.09.2020
0
863

Meşhur “fintech” kompaniýalarynyň bazar bahasy 1 trillion dollardan geçdi. Bu görkeziji iri banklaryň maýa goýumlaryndan ýokarydyr.

“Visa” we “MasterCard” ýaly töleg ulgamlarynyň bazar maýasy iň uly “Wall Street” banklaryndan has ýokarydyr, emma balanslary bank ulgamlaryndan has pesdir.

“Square”, “Visa”, “PayPal” we “MasterCard”-yň umumy bahasy 1,07 trillion dollardyr. “JPMorgan”, “Bank of America”, “Wells Fargo”, “Citigroup”, “Morgan Stanley” we “Goldman Sachs” ýaly iri banklaryň umumy bahasy 900 milliard dollardan geçmeýär.

Bazar bahasynyň ýokarlanmagynyň ep-esli böleginiň 2020-nji ýylda boljakdygyny hem bellemelidiris.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň