5K durulygynda wideo düşürýän kamera

18:0117.09.2020
0
980

“GoPro” kompaniýasy 23,6 megapiksellik sensory bolan 5K durulygynda wideoýazgy etmäge mümkinçilik berýän, 10 metr çuňlukdaky suwa çydamly täze kamerasyny tanyşdyrdy. “GoPro Hero 9 Black” atly “hereketli” kamera, ilkinji nobatda, hindistanly müşderilere ýetiriler. Batareýasy has hem güýçlendirilen kamera aýryp bolýan linza bilen üpjün edilipdir. Kompaniýanyň ozalky modelinde bolşy ýaly, “GP1” mikroprosessory oturdylan enjam 20 megapiksel durulygynda surata düşürmäge hem mümkinçilik berýär. Täze kamera ozalkydan biraz uly hem-de agyr. Bir sany microSD kart ýerleşdirip bolýan kamerada “USB Type-C” baglanyşygy hem göz öňünde tutulypdyr. Täze enjamyň noýabr aýynda global bazara iberilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň