17-nji sentýabr – Bütindünýä hassalarynyň howpsuzlygy güni

12:1717.09.2020
0
1145

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, halkara hyzmatdaşlar we ähli ýurtlar  2020-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda  tutuş ýer ýüzüniň taryhyna täze giren şanly senäni – Bütindünýä hassalarynyň howpsuzlygy gününi ilkinji gezek bellärler.

Bütindünýä hassalarynyň howpsuzlygy güni 2019-njy ýylyň maý aýynda geçirilen 72-nji Bütindünýä Saglyk Assambleýasy tarapyndan kabul edilen WHA72.6 rezolýusiýasy esasynda döredildi.  Bu rezolýusiýa laýyklykda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy “Global hassalaryň howpsuzlygy hereketi barada” karar çykaryp, bu günüň her ýylyň 17-nji sentýabrynda bellenilmegini ýola goýdy.

Bütindünýä  Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan döredilen bu täze şanly senäniň her ýylyň 17-nji sentýabrynda bellenilmeginiň hem özboluşly bir taryhy teswiri bar. Çünki, bu guramanyň (BSG-niň) bütindünýä hassalarynyň howpsuzlygy sammitiniň ilkinjisi  2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Londonda geçirilipdir. Hut şu nukdaý nazardanda,  bütindünýä hassalarynyň howpsuzlygy gününiň baýram edilmeli gününiň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan “17-nji sentýabr” diýlip saýlanylyp alynmagy Bütindünýä hassalarynyň howpsuzlygy sammitiniň ilkinji geçirilen senesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

Bütindünýä hassalarynyň howpsuzlygy gününiň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan esasy maksatlary şulardan ybaratdyr:

• hassalaryň howpsuzlygyna düşünmekligi ýokarlandyrmak;

• saglygy goraýyş howpsuzlygyna jemgyýetçiligiň gatnaşygyny artdyrmak we hassalaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak;

• Hassalaryň dünýädäki näsaglara ýetirýän zyýany azaltmak üçin çäreleri ýola goýmak.

Bütindünýä hassalaryň howpsuzlygy gününiň merkezinde lukmançylygyň esasy ýörelgesi durýar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň 2020-nji ýyldaky Bütindünýä hassalarynyň howpsuzlygy güni üçin esasy maksatlary şu aşakdakylardan ybarat:

• Saglygy goraýyş işgärleriniň dünýädäki hassalaryň howpsuzlygy bilen gatnaşygy we howpsuzlygyň ähmiýeti barada habarlylygyny ýokarlandyrmak;

• Saglygy goraýyş işgärleriniň we näsaglaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin köp gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagyny we giňişleýin strategiýalaryny üpjün etmek;

• Saglygy goraýyş işgärleriniň howpsuzlygynyň möhümdigini hassalaryň howpsuzlygy meselesi hökmünde ykrar edýän we bu meseläni çözmek üçin tagalla edýän ähli gyzyklanýan taraplar tarapyndan gyssagly we uzak möhletleýin çäreleri görmek;

• Saglygy goraýyş işgärleriniň yhlaslylygynyň we zähmetsöýerliginiň, esasanam COVID-19-a garşy häzirki göreşde ykrar edilmegini üpjün etmek .

Biziň ata Watanymyz Türkmenistan hem, özüniň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden bäri Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde  işjeň hyzmatdaşlygyny dowam etdirýär. Bu halkara guramasy guramasy bilen hyzmatdaşlykda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrýan döwlet syýasatyndan ugur alnyp, döwrüň talaplarynyň nazarda tutulmagy bilen, ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak babatynda durmuşa geçirilýän çäreleriň oňyn netije bermegi ugrunda zerur tagallalar berjaý edilýär

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda häzirki döwürde – 17-nji sentýabrda Bütindünýä hassalarynyň howpsuzlygy gününi   bellemeklik ähli saglygy goraýyş işgärlerine hormat we minnetdarlygyň alamatyny yşaratlandyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň