Soňky habarlar

Arhiw

«Nusaý» ýorgan-düşekçeleri hem onlaýn satlyga çykaryldy

08:5417.09.2020
0
16264

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň habar bermegine göä, Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynyň önümleri internet arkaly satylyp başlandy.

Bu toplum içerki sarp edijilere  üç dilde — türkmen, rus we iňlis dillerinde işleýän resmi web saýtynda onlaýn dükan hyzmatlaryndan peýdalanmagy teklip edýär .

Ulanyjylar bu ýerde «Nusa» harytlyk nyşanynyň naýbaşy lybaslaryny satyn alyp bilerler. Bu ýerde zenanlar, erkekler, ulular we ýetginjekler, hatda çagalar üçin hem eşikler bar. Ähli önümler ISO 9001 we 14001 halkara hil şahadatnamalary bilen tassyklanandyr. Mundan başga-da, onlaýn dükanda çagalar we ýetginkler üçin uzyn we gysga ýeňli köýnekçeler hem-de ýorgan-düşekçeler satylýar.

«Nusaý» haryt nyşanly dokma önümleri paýtagtymyzyň Oguzhan köçesinde ýakynda açylan dükanlar toplumynda hem satylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň