Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergi 19-20-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler

08:3617.09.2020
0
4475
Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergi 19-20-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurduň ykdysady üstünliginiň ýurt Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň we «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahatyň 19 — 20-nji sentýabr günlerinde geçiriljekdigini habar berýär.

Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Serginiň iş wagty: 19-njy sentýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli; 20-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli.

Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda — Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-70, 39-88-81/82/83/84/85/86.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň