Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz şäherinde täze ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi

08:3017.09.2020
0
8166

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanyp, Daşoguz şäheriniň Türkmenistan köçesiniň ugrunda dört gatly, 16 öýli täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şähergurluşygynyň hem-de häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gelýän, ýaşaýyş şertleriniň ähli oňaýlyklaryny hem-de gündelik durmuşda zerur hyzmatlaryň ýokary derejesini özünde jemleýän täze jaýyň gurluşygyny «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar.

Bu kompaniýa edil şu jaýyň gabadyndaky jaýyň gurluşygyny-da amala aşyrypdy. Häzir gurluşykçylar şäheriň S.Nyýazow hem-de Gurbansoltan eje adyndaky köçeleriniň ugrunda her biri 16 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň ikisini bina edýärler. Nesip bolsa, bu jaýlar hem şu ýylyň dowamynda ulanylmaga berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň