Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda mineral goşundyly sement önümçiliginiň tehnologiýasy işlenip düzüldi

12:5816.09.2020
0
1186

TYA-nyň Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli ylmy barlag işleriniň hem-de «Ylmyň nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, genetika, kompýuter tehnologiýalary ugurlary boýunça ylmy barlag işleri alyp barmak we önümçilige ornaşdyrmak üçin teklipleri taýýarlamak» atly baş temanyň çäginde «Ýerli çig mallaryň esasynda klinkere (toýun garyndysynyň mineraly) mineral goşundylary goşup sement öndürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek» atly tema boýunça ylmy-barlag we önümçilik-synag işleri ýerine ýetirildi.

Mineral goşundyly sement önümçiliginiň netijeliligi şu aşakdakylardan ybaratdyr:

— sementiň gurluşyk we tehniki häsiýetlendirijileriniň gowulanmagy;

— maddy we ýangyç-energetika serişdeleriniň, ilkinji nobatda, sarp edilýän çig mallaryň, tebigy gazyň we elektroenergiýanyň tygşytlanmagy, netijede, önümçiligiň ykdysady taýdan amatlylygy;

— daşky gurşawa bölünip çykýan zyýanly gazlaryň, ilki bilen, kömürturşy gazynyň mukdarynyň peselmegi, netijede, bu önümçiligiň ekologiýa taýdan oňaýlylygy;

— önümçilikdäki tehnologik gurallaryň, enjamlaryň we abzallaryň könelmegi sebäpli önümiň hiliniň peselmeginiň aradan aýrylmagy;

— önümçilik kuwwatlylygynyň artmagy.

Ine, şeýle oňaýly taraplary bilen tapawutlanýan mineral goşundyly sementi öndürmegiň ylmy esaslary işlenip düzüldi we Lebap sement zawodynda önümçilige ornaşdyryldy. Häzirki wagtda zawodda PS 400 G20, ýagny 20 göterim mineral goşundyly, 400 kysymly portlandsement öndürilýär. Sementiň kysymy onuň berkligi bilen häsiýetlendirilýär. Sementiň berkliginiň ýokarlanmagy bolsa, öz gezeginde, gurulýan binalaryň binýadynyň has-da pugta bolmagyny üpjün edýär. Hut şonuň üçin-de Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurdaky alnyp barylýan işleri PS 500 G20, ýagny 20 göterim mineral goşundyly, berkligi 500 kysymly portlandsement öndürmäge gönükdirdi we ony esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi. Bu möhüm meseläniň oňyn çözgüdini tapmak üçin mineral goşundyly sementiň berkligine täsir edýän ýagdaýlara ünsi çekmeli bolýar.

Umuman, mineral goşundyly sementiň ulanylyş amatlylygy onuň ownuklygyna (disperslilik) baglydyr. Şol ownuklyk nanoölçegler bilen kesgitlenilýär. Diýmek, sementiň ownuklylygyny artdyryp, onuň berkligini ýokarlandyrmak bolar. Ýöne sementiň ownuklylygy aşa ýokarlandyrylsa, onda olar biri-birine ýelmeşip, önümiň hiline ýaramaz täsir etmegi mümkindir. Şeýle ýagdaýda daşary ýurt tejribesine salgylanmak arkaly, olary nanoörtükler bilen örtüp, sementiň nanotehnologiýasy has-da kämilleşdirilýär. Lebap sement zawodynda öndürilýän mineral goşundyly semente «pussolanlar» diýlip atlandyrylýan minerallara degişli bolan bazalt magdany goşulýar. Şeýlelikde, mineral goşundylaryň işjeňligi ondaky kremniý oksidiniň işjeňligi bilen kesgitlenilýär. Şonuň üçin düzüminde işjeňligi ýokary bolan kremniý oksidini saklaýan pussolan mineraly goşundy hökmünde ulanylsa, onda 500 kysymly mineral goşundyly sementi almak mümkinçiligi hem bardyr. Şoňa görä-de, bu ugurdaky işler düzüminde işjeňligi ýokary bolan kremniý oksidini saklaýan minerallara gönükdirildi. Ony Köýtendag sebitlerindäki minerallary öwrenmekden başlamagy maksadalaýyk hasapladyk. Sebäbi Lebap sement zawodynda häzirki wagtda ulanylýan pussolan esasly bazalt magdany Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 3 km günorta-gündogaryndan daşalýar. Munuň özi uzak aralyk bolup, goşmaça çykdajylary döredýär. Hut şonuň üçin-de, Köýtendag sebitlerindäki bar bolan minerallara seljerme geçirilip, olaryň käbirinde minerallaşan kremniý oksidiniň ýokarydygy ýüze çykaryldy. Has anygy, «gyzyl gumdaş» hem-de «apoka» diýlip atlandyrylýan minerallardaky kremniý oksidiniň mukdary 75 göterime çenli baryp ýetýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň